Tomus paslynyň iň datly bakja önümleriniň biri bolan garpyzyň dünýäde 1 müň 200-den gowrak görnüşi bar. Garpyz adam saglygy üçin peýdaly iýmitleriň biri hasaplanýar. 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolan garpyzyň düzüminde A, C, B6 witamini, kaliý we uglewodlar saklanýar. Eýsem, bu bakja önüminiň gowy bişenini nädip saýlamaly?! Munuň üçin käbir alamatlary göz öňünde tutmaly:
Daşky görnüşine seretmeli. Eger-de garpyzyň reňki solgun däl-de, ýiti bolsa, bu onuň täzedigini aňladýar. Zolaklary sargylt, öçüksi bolsa, könedigini görkezýär. Şeýle hem garpyzyň daşy pakgaran (ýumşak) bolsa, bu onuň has ir ýolnandygynyň alamatydyr.
Sapagyna üns bermeli. Eger-de garpyzyň sapagy ter bolsa, ýaňy ýolnandygyny aňladýar. Gury baldaklar bu bakja önümiň has öň ýygnalandygyndan habar berýär. Täze we bişen garpyz almak isleseňiz, onda ýaşyl sapakly garpyzy saýlaň!
Agramyna üns bermeli. Bişen garpyzyň agramy bişmedik garpyza görä ýeňil bolýar. Şol sebäpli garpyz almazdan ozal eliňiz bilen ölçäp görüň!
Sesini diňlemeli. Barmagyňyz bilen garpyzy pitikläp görüň! Bişen garpyz içi boş ýaly ses berýär. Tyňňyldaýan çuň ses bu bakja önüminiň suwludygyny we gowy bişendigini görkezýär. Eger-de garpyzyň sesi içine dykyz ýaýraýan bolsa, entek bişip ýetişmändigini aňladýar.
Togalagyny saýlamaly. Garpyz saýlanyňyzda ýumurtga şekilli süýnmegini däl-de, togalagyny saýlaň! Togalak garpyz has suwly we tagamly bolýar.
Kesilmedik garpyzy otag howa şertinde 7-10 günläp saklap bolýar. Kesilen garpyzy 2-3 günläp iýmit sowadyjysynda saklamak mümkin. Şeýle hem garpyz baldagyndan ýolnandan soň ýetişmek prosesini bes edýär, ýagny käbir miweler ýaly, pazylyndan aýrylandan soň bişmeýär.