BAE-niň “Mas­dar” hem-de Azer­baý­ja­nyň “Socar” kom­pa­ni­ýa­la­ry gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa des­ga­sy­ny gur­mak üçin hyz­mat­daş­lyk eder. Iki kom­pa­ni­ýa umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 4 müň MW bo­lan Gün, ýel we “ýa­şyl” wo­do­rod tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­lar. “Mas­dar” di­ňe gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne ma­ýa go­ýum goý­ýan bol­sa, “Socar” adat­ça ne­bit-gaz pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýar. Dur­mu­şa ge­çi­ril­jek tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de Azer­baý­jan 2030-njy ýy­la çen­li içer­ki ba­zar­da sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 30 gö­te­ri­mi­ni gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­ler­den üp­jün et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­da “Mas­dar” kom­pa­ni­ýa­sy Azer­baý­ja­nyň Ener­gi­ýa mi­nistr­li­gi bi­len umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 10 GW bo­lan des­ga­lar gur­mak üçin şert­na­ma bag­la­şyp­dy. Şert­na­ma­nyň çäk­le­rin­de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi hem göz öňün­de tu­tul­ýar.

Aý­gül Aşy­ro­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by