Ga­za­gys­tan 2024-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan baş­lap, Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça Hal­ka­ra gaz­na­nyň baş­lyk­ly­gy­ny öz üs­tü­ne al­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Suw äti­ýaç­lyk­la­ry we su­wa­ryş mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Üç ýyl do­wam et­jek bu we­zi­pä­niň me­ýil­na­ma­la­ry­na Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew ýol­baş­çy­lyk eder.
-Ga­za­gys­ta­nyň hö­kü­me­ti Bü­tin­dün­ýä ban­ky bi­len bi­le­lik­de Aral deň­zi­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň ikin­ji tap­gy­ry­na gi­riş­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler – di­ýip, Ga­za­gys­ta­nyň suw se­riş­de­le­ri we su­wa­ryş mi­nist­ri Nur­jan Nur­ji­gi­tow ha­bar ber­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu işi di­ňe gaz­na­nyň äh­li gat­na­şy­jy ýurt­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­mek bi­len ama­la aşy­ryp bo­lar.
Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň öň­ki baş­ly­gy 2020-2023-nji ýyl­lar­da Tä­ji­gis­tan bo­lup, on­dan öň 2017-2019-njy ýyl­lar­da bu gaz­na Türk­me­nis­tan baş­lyk­lyk edip­di. Gaz­na­da her üç ýyl­dan bir ge­zek ro­ta­si­ýa esa­syn­da baş­lyk­lyk edil­ýär.
Türk­me­nis­ta­ny, Tä­ji­gis­ta­ny we Öz­be­gis­ta­ny hem öz içi­ne al­ýan bu gaz­na Ara­ly ha­las et­mä­ge, şol san­da, se­bit­dä­ki daş­ky gur­şa­wyň ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär.