Londonda Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewiň hem-de Beýik Britaniýanyň BP nebit-gaz kompaniýasy hem-de London çig mal biržasy («London Stock Exchange») ýaly ägirt uly kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maýa goýum “tegelek stoly” geçirildi. Duşuşygyň esasy netijesi seýrek duş gelýän metallaryň çykarylyşy baradaky strategik hyzmatdaşlygyň berkidilmegi boldy.
Taraplar dünýä bazarlaryny möhüm çig mal bilen üpjün etmek we Gazagystanyň ykdysadyýetinde britan biznesiniň gerimini giňeltmek boýunça iş meýilnamasyna gol çekdiler.
Şeýlelikde, duşuşygyň netijeleri boýunça şu resminamalara gol çekildi:
2027-nji ýyla çenli möhüm minerallar pudagynda strategik hyzmatdaşlyk barada Gazagystan – Beýik Britaniýa “ýol kartasy”;
«Coventry University» we «Coventry University Kazakhstan» arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we Almatyda lisenziýaly kampus açmak baradaky ähtnama.
Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 9 aýynyň dowamynda Beýik Britaniýanyň Gazagystana goýan maýa goýumlarynyň möçberi 471,5 million dollara deň boldy. 1993-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýadan gelen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 23 milliard dollara ýetdi. Respublikada britan paýly 500-den gowrak kärhana işleýär, olaryň arasynda «Royal Dutch Shell», «Ernst & Young», BP, «Shell», «BAE Systems» we başgalar bar.
PDF









