Gazagystan jahankeşdeleriň sanyny artdyrmak we Bütindünýä ykdysady forumynyň syýahatçylygy ösdürmek boýunça sanawynda ýokary göterilmäge tagalla edýär. Munuň üçin ýurt 2029-njy ýyla çenli syýahatçylyk girdejisini 10 milliard ýewro çenli artdyrmagy we ýylda 15 million syýahatçy kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Euronews” habar berýär.
Hasabatda “Gazagystanyň hökümeti infrastrukturany ösdürýär, demir ýol ulgamlaryny giňeldýär we sanly çözgütleri ornaşdyrýar. Emeli aňa daýanýan täze programma bronlap goýmagy we nawigasiýa işini ýönekeýleşdirýär. Baýgoňyr ýaly özboluşly syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi myhmanhanalaryň we çagalar dynç alyş merkezleriniň döredilmegini öz içine alýar” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Täze howa menzili hem öz gezeginde, Katon-Karagaý ýoluna girişi üpjün eder we serhet gözegçiligi bilen döwrebaplaşdyrylan demir ýol Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahat etmegi aňsatlaşdyrar.