8-nji awgustda Gazagystan Almaty sebitindäki Ulken obasynyň golaýynda ýurduň ilkinji atom elektrik bekediniň gurluşygyna resmi taýdan badalga berdi.

Gazagystanyň Atom energiýasy boýunça agentliginiň başlygy Almasadam Satkaliýew häzirki dabaranyň Respublikada atom bekediniň gurluşygyna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry bolan inženerçilik we gözleg işleriniň başlandygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hut bu tapgyryň netijeleri belli bir meýdany saýlamaga sebäp bolup, bekediň konfigurasiýasyny, şeýle hem howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we ykdysady girdejililik ukyplylygyny kesgitlär. Satkaliýew taslamanyň halk köpçüliginiň giň goldawyna eýe bolandygyny aýtdy.

Ol sözüniň dowamynda jemi maýa goýumlarynyň, takmynan, 14-15 milliard dollar boljakdygyny, goşmaça 1 milliard dollar sosial desgalary döretmek we häzirki zaman infrastrukturasyny ösdürmek üçin sarp ediljekdigini aýtdy. Atom elektrik bekediniň gurluşyk işlerini tamamlamak 2035-2036-njy ýyllarda meýilleşdirilýär.

Mundan öň, Gazagystan we Russiýa Atom elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryny kesgitleýän resminamalara gol çekdiler.