Gazagystanda sala salşyk güni doglan bäbege Atazan, ýagny «esasy kanun» ýa-da «ata-babalaryň kanuny» diýen manyny aňladýan at dakdylar. Bu barada ýurduň Mangistau welaýatynyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk merkeziniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Habarda oglanjygyň köpçagaly maşgalada dokuzynjydygy bellenýär. Çaganyň we ejesiniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde.
Çaganyň ene-atasy onuň ýurt üçin möhüm günde dogulmagynyň ömürboýy hakydada galjak şatlykly waka bolandygyny aýdýarlar. «Biz oňa maşgalamyzyň taryhynda hemişelik galmagy üçin Atazan diýip at dakdyk. Oglumyzyň mynasyp şahsyýet bolup ýetişmegini, Watanyny söýmegini we ýurda peýda getirmegini isleýäris» diýip, bäbegiň ejesi gürrüň berdi.
Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasy boýunça geçen ýekşenbede bolan sala salşykda Prezidentiň orunbasarynyň wezipesini döretmek, iki palataly parlamentden bir palataly görnüşe geçmek, milli hukugyň halkara hukukdan ýokarylygyny berkitmek we kanun çykaryjy başlangyç hukukly ýokary maslahat beriş edarasyny – Halk geňeşini döretmek boýunça üýtgetmeler halkyň garamagyna hödürlendi.
Eger sala salşygyň jemleri boýunça täze Konstitusiýanyň taslamasyny raýatlaryň köplügi makullasa, ol 1-nji iýuldan güýje girer.
PDF









