Gazagystanda 15-nji martda ýurduň täze Konstitusiýasy üçin sala salyşyk geçirildi. Täze Esasy kanuny saýlawçylaryň 87,15%-i goldady. Bu mynasybetli ýurtda Konstitusiýa güni döredildi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 15-nji martda ýurtda döwlet derejesinde milli baýramyň — Konstitusiýa gününiň belleniljekdigini mälim etdi.
“Ýurdumyzyň durmuşyna ägirt uly täsir etjek hakyky taryhy wakanyň şaýady bolduk. Men döwlet baştutany hökmünde tutuş halkymyzyň adyndan Gazagystanyň Esasy kanunyna gol çekdim” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew respublikanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegine bagyşlanan dabaraly çärede aýtdy.
“1-nji iýulda halk konstitusiýasy resmi taýdan güýje girer. Konstitusiýa gününi bolsa biz her ýyl 15-nji martda ählihalk derejesinde döwlet baýramy hökmünde belläp geçeris. Ähli watandaşlarymyzy Esasy kanunyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Gazagystanyň Prezidenti belledi.
Prezident Tokaýewiň aýtmagyna görä, Konstitusiýa döwlet bähbitleriniň goragynda duran polat galkandyr. “Konstitusiýamyzyň esasy maksatlarynyň biri ýurduň çäk bitewüligini, garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, jemgyýetçilik adalatlylygynyň we kanunyň rüstemliginiň berkidilmegini kepillendirmekdir. Ol şeýle hem bilimiň, ylmyň, innowasiýalaryň we medeniýetiň ösmegi üçin şertleri döredýär, tebigatyň goralmagyny üpjün edýär” diýip, Tokaýew çykyşynda belläp geçdi.
PDF









