25-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Astana şäheriniň häkimliginiň hem-de daşary ýurtlarda türkmen jemgyýetine wekilçilik edýän jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, Astana şäheriniň häkimliginiň wekilleri, şeýle hem Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow çykyş edip, iki doganlyk halkyň taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklaryna esaslanýan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle hem çäräniň dowamynda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny asyl nusgada we terjimesinde okap berdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan bu medeni çäreleri dowam etmek boýunça gezegi Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Almatydaky hem-de Aktaudaky Konsullyk bölümlerine geçirildi.
Türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmegindäki “küştdepdi” milli türkmen tansly çykyşlar şäherleriň iň görkli we görnükli ýerlerinde geçirildi. Gadymy nagmalara we özboluşlylyga eýe bolan tans Türkmenistanyň folklor däpleriniň baýlygyny açyp görkezdi we tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda türkmen ýaşlary özleriniň çykyşlary arkaly milli medeniýete bolan buýsanç duýgusyny hem-de parahatçylyk we ynanyşmak baradaky çagyryşy beýan etdiler.