Gazagystanyň täze Konstitusiýasynyň taslamasy çap edilen pursatyndan bäri dürli kanallar arkaly 4 müňden gowrak teklip gelip gowuşdy.
«Kazinform» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada ýurduň Konstitusion kazyýetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Nurmuhanow Konstitusion komissiýanyň nobatdaky mejlisinde mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, gelip gowuşýan ähli teklipler, seslenmeler we bellikler komissiýa tarapyndan ykjam öwrenilýär. Seljermeler olaryň birnäçesiniň üns bermäge mynasypdygyny, maddalaryň mazmunynyň üstüni ýetirýändigini, kepillikleri güýçlendirýändigini, hukuk kadalarynyň beýanyny gowulandyrýandygyny, has uly aýdyňlygy we hukuk takyklygyny girizýändigini görkezýär.
«Teňňäni milli walýuta hökmünde konstitusion taýdan berkitmek baradaky teklibi durmuşa geçirmek maksady bilen, 2-nji madda şu aşakdaky bend bilen üsti ýetirildi: Respublikanyň milli walýutasy (pul birligi) – teňňedir. Ony emissiýa etmek boýunça aýratyn hukuk Gazagystana degişlidir» diýip, ol belledi.
B.Nurmuhanow, şeýle hem Gazagystanyň özygtyýarlylygynyň, Garaşsyzlygynyň, unitarlygynyň, çäk bütewiliginiň we dolandyryş formasynyň üýtgewsizdigini nygtady.