15-nji martda Gazagystanda Konstitusiýanyň täze taslamasy üçin sala salşyk geçirildi. Esasy Kanunda Prezidentiň orunbasarynyň wezipesini döretmek, iki palataly parlamentden bir palataly görnüşe geçmek, milli hukugyň halkara hukukdan ýokarylygyny berkitmek we kanun çykaryjy başlangyç hukukly ýokary maslahat beriş edarasyny – Halk geňeşini döretmek boýunça üýtgetmeler halkyň garamagyna hödürlendi. Sala salşykda raýatlardan «Gazagystan Respublikasynyň täze Konstitusiýasyny kabul edýärmisiňiz?» diýlip soraldy. Saýlawçylar «hawa» ýa-da «ýok» diýip jogap berdiler. Ýurtda 12 million 461 müň 796 saýlawçynyň bardygy, saýlawa gatnaşygyň 73% bolandygy mälim edildi. Ses berenleriň 87,15 göterimi Konstitusiýanyň taslamasyny makullady. Täze esasy kanun 1-nji iýuldan güýje girer.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew geçen ýylyň 8-nji sentýabrynda ýurduň syýasy ulgamynyň düýpli täzelenjekdigini aýdyp, bir palataly parlament ulgamyna geçilmegini teklip edipdi. Şu ýylyň 11-nji fewralynda bolsa, sala salşyk geçirmek baradaky resminama gol çekipdi.
Referendum üçin ýurduň çäginde 10 müň 388 saýlaw uçastogy döredildi. Daşary ýurtlaryň 54-sinde hem gazak raýatlarynyň ses bermegi üçin saýlaw uçastoklary döredildi. Ýurduň 20 milliondan gowrak ilaty bar.
PDF









