14-nji noýabrda Almaty şäherindäki Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat guraldy.
Uniwersitetiň mejlisler zalynda Almaty şäherinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Çykyş edenler «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, şol sanda ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk barada maglumatlar ýetirildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýyllaryndaky üstünlikleri barada wideoşekiller görkezildi. Türkmen talyplary aýdym-saz we goşgy çykyşlary bilen çykyş etdiler hem-de milli «küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler.
Soňra Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekili bilen uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi, onuň dowamynda talyplaryň okuwyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
PDF









