Osmanly soltanlarynyň biri bolan Baýazid II-niň agtygy Gazi Husrew beý tarapyndan 1537-nji ýylda Saraýewoda gurlan medrese we kitaphana Balkanlardaky iň gadymy kitap saklanýan ýer hasaplanýar. 488 ýyllyk taryhy bolan Gazi Husrew beý kitaphanasynyň gaznasynda türk, arap we pars dillerinde 10 müňden gowrak golýazma saklanýar. Bosniýa we Gersogowinanyň paýtagtynda ýerleşýän bu taryhy mekan, sebitiň iň gymmatly medeni miraslarynyň biridir.
Bu taryhy kitaphana 2018-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň ýadygärligi» sanawyna girizildi. Kitaphananyň gaznasynda yslam ylymlary bilen bir hatarda tebigy ylymlar, matematika, geometriýa, astronomiýa we lukmançylyk baradaky golýazmalar bar.
Kitaphananyň kolleksiýasynda, takmynan, 100 müň eser bar, olaryň 10 müňüsi golýazma. Mundan başga-da, kitaphanada türk dilinde 9 müňden 10 müňe çenli resminama, gündogar dillerinde ýazylan 21 müň we ýewropa dillerinde ýazylan 30 müňden gowrak kitap bar.
Gazi Husrew beý kitaphanasynyň ýörite kolleksiýasynyň utgaşdyrjysy Hamza Lawiç bu ýerde saklanýan Osmanly döwrüne degişli resminamalaryň ähmiýetini aýratyn belledi. Onuň aýtmagyna görä, kitaphanada 1463–1878-nji ýyllary öz içine alýan müňlerçe osmanly resminamalary bar. Şeýle hem kitaphanada yslam dünýäsiniň beýik alymy Ibn-Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanuny” atly kitabyna ýazylan teswirleri öz içine alýan seýrek golýazmalar hem saklanýar.