25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, gurama agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistan GDA formatyndaky möhüm duşuşyklardyr maslahatlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi, özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi.
Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň GDA-nyň sammitlerinde öňe sürýän anyk başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň mysalydyr.
Dostlukly türkmen-rus gatnaşyklary barada aýdylanda, ol dürli ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi, iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunda Russiýanyň iri sebitleridir subýektleri, şol sanda möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezi Sankt-Peterburg şäheri bilen ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar hem esasy ugurlaryň hataryndadyr. Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri taraplaryň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimizi Sankt-Peterburgyň “Pulkowo” Halkara howa menzilinde resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz “Igora” gyşky sport oýunlary toplumynyň Buzly köşgüne bardy. Bu iri toplum ýaryşlary we türgenleşikleri, dürli derejeli çäreleri geçirmek üçin köpugurly meýdança bolup durýar. Onuň düzümindäki Buzly köşk buzly meýdançany, maslahatlar zalyny we beýleki desgalary özünde jemleýär.
Buzly köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Soňra Olimpiýa zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.
RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ýokary derejedäki duşuşygy açyp, daşary ýurtly kärdeşlerini ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi hem-de resmi däl sammite gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda şu ýyl Arkalaşygyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljek üçin wezipeler kesgitlenildi. Ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijileri kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Arkalaşygyň ýurtlarynyň hoşmeýilli erke, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydyklary nygtaldy. Şu gezekki duşuşyk hem GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmagy maksat edinýändikleriniň nobatdaky güwäsidir.
Söwda-ykdysady ulgam Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berýär. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu resminama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Jarnamanyň esasy ýörelgeleri GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüş Strategiýasynyň esasyna goýuldy. Onuň kabul edilmegi hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly Türkmenistanyň aýratyn ähmiýet berýän ulgamlary bu Strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girizildi. Özara söwdanyň giňeldilmegi, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, senagat, sanly geçiş boýunça uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň, işewürligiň höweslendirilmegi häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr.
Ynsanperwer ulgam hem GDA formatyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Medeni özara baglanyşyk, ýurtlarymyzyň halklarynyň ruhy taýdan ýakynlygy, umumy taryh Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň berk binýady bolup çykyş edýär.
Prezident Wladimir Putin GDA-nyň döwlet Baştutanlaryny geljek ýyl Moskwada şanly sene — Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Nygtalyşy ýaly, ýowuz uruş ýyllarynda biziň halklarymyz frontda we tylda taýsyz gahrymançylyk, edermenlik görkezdiler. Arkalaşygyň ýurtlarynda bu gahrymançylygy hemişe hatyralaýarlar.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA agza ýurtlaryň ähli raýatlaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl nahar berildi.