Häzirki zaman lukmançylygy adam bedeniniň iň çuňňur syrlaryna, ýagny biziň bütin durmuşymyzyň binýady bolan genlerimize aralaşmagy başardy. Gen terapiýasy we gen redaktirlemesi diýlip atlandyrylýan bu täze ugurlar öňler bejerip bolmaýan genetik keselleriň düýp köküne täsir etmäge mümkinçilik berýär. Gen terapiýasynyň esasy ýörelgesi näsagyň öýjüklerine sagdyn genleri girizmekden ybaratdyr. Bu amalda zyýansyzlandyrylan wiruslar ýörite daşaýjy hökmünde ulanylyp, olar bedendäki zeperlenen geniň ornuny tutjak täze genetik maglumaty gerekli öýjüge eltip berýärler. Bu usul, esasan, bedeniň özbaşdak öndürip bilmeýän beloklarynyň täzeden emele gelmegine ýol açýar. Şol bir wagtda, lukmançylyk dünýäsinde «molekulýar gaýçy» hökmünde tanalýan CRISPR tehnologiýasy gen redaktirlemesini täze bir derejä çykardy. Bu tehnologiýa arkaly alymlar DNK-nyň zynjyryndaky näsaz bölekleri takyk tapyp, ony kesip aýyrmagy hem-de ýerine dogry genetik yzygiderliligi goýmagy başarýarlar. Bu bolsa nesilden-nesle geçýän gan keselleriniň, gözüň torly gatlagynyň zeperlenmeleriniň we onkologik keselleriň käbir görnüşleriniň düýpli bejerilmegine umyt döredýär.
Bu maglumatlar ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş institutlarynyň (NIH) we Azyk önümleriniň hem-de derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdiriýetiniň (FDA) resmi ylmy hasabatlaryna esaslanýar. FDA tarapyndan tassyklanan ilkinji gen terapiýasy dermanlary eýýäm kliniki tejribede ulanylyp başlandy we olar müňlerçe adamyň durmuşyny düýpli özgertdi. Şeýle innowasion ädimler geljekde lukmançylygyň diňe bir alamatlar bilen göreşmän, eýsem, keseliň döreýiş gözbaşyny aýyrmaga ukyply boljakdygyny subut edýär. Ylmyň bu täze tapgyry lukmançylyk taryhynda düýpli öwrülişik hasaplanýar we adam ömrüniň hilini ýokarlandyrmakda esasy faktorlaryň birine öwrülýär.
Gurbandurdy ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
PDF









