Erteki

Gün­ler­de bir gün to­kaý­da ýa­şa­ýan bir ýol­bars uzak­ly gün aw göz­läp­dir. Em­ma hiç zat aw­lap bil­män­dir. Gün ýa­şyp bar­ýar­ka ýol­bars bir go­wa­gyň üs­tün­den ba­ryp­dyr. Ol go­wa­gyň için­den aw göz­läp­dir. Em­ma boş go­wa­gyň için­de hiç bir jan­da­ra ga­bat gel­män­dir. Onuň kel­le­si­ne go­wak­da ýa­şa­ýan jan­daryň ga­raň­ky gat­ly­şan­soň, bu ýe­re gel­jek­di­gi ba­ra­da pi­kir ge­lip, gowagyň bir kün­jün­de gizlenip ýa­typ­dyr. Şeý­le­lik­de, ýol­bars öz ýa­nyn­dan bu ýe­re ge­len haý­wan­y bi­ri­ni aň­sat­lyk bi­len aw­la­ryn di­ýip gö­wün ýü­wür­dip­dir. Bu go­wak­da til­ki ýa­şa­ýan eken. Til­ki go­wa­gyň ag­zy­na ge­len­de, gu­la­gy­na üýt­ge­şik bir ses eşi­di­len ýa­ly bo­lup­dyr, bur­nu­na bol­sa, nä­ta­nyş ys urup­dyr.
Me­kir til­ki go­wa­gy­na haý­sy­dyr bir wag­şy haý­wa­nyň gi­ren­di­gi­ni aňypdyr. Gu­mak ýe­re se­ret­se, ýol­bar­syň içe­rik gi­ren yz­la­ry­nyň bar-da, çy­kan yz­la­ry­nyň ýok­du­gy­ny gö­rüp­dir. Til­ki pi­kir­le­nip­dir-de guý­ru­gy­ny bu­laý­lap:
– Eý, go­wak, eý, go­wak! – di­ýip gy­gy­ryp­dyr-da, bir sa­lym diň­şir­ge­nip, jo­ga­ba ga­ra­şan bo­lup­dyr. Ýö­ne hiç hi­li jo­gap bol­ma­ja­gy­ny bil­ýän me­kir til­ki ýe­ne-de gy­gy­ran bo­lup­dyr:
– Eý, go­wak, eý, go­wak! Sa­ňa bu gün ne döw çal­dy, jo­gap be­re­ňok-la? Mun­dan ozal se­niň ady­ňy tu­tan ba­dy­ma, «Hoş gel­diň, ga­dyr­dan dos­tum, gel­diň­mi sag-aman?» diý­ýär­diň-le.
Içer­de bu­ku­lyp ýa­tan ýol­bars, til­ki­niň söz­le­ri­ne güp­be yna­nyp, go­wa­gyň de­re­gi­ne jo­gap be­re­si ge­lip­dir. On­ýan­ça til­ki häl­ki söz­le­rini ýe­ne-de gaý­ta­lap­dyr. Ýol­bars du­rup bil­män:
– Hoş gel­diň, dos­tum, hal­la­ryň ni­çik? – di­ýip ses­le­nip­dir. Ol hernä­çe my­la­ýym gep­le­jek bol­sa-da ýog­nas se­si go­wa­gyň için­den ar­lap çy­kyp­dyr. Şon­da bu eý­menç se­se go­wa­gyň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýan äh­li jan­dar­la­ryň ini ti­ke­nek­läp gi­dip­dir.
Go­wa­gyň için­de ga­ra­şyp ýa­tan ýol­bars til­ki­niň içe­rik gi­re­ri­ne ga­ra­şyp­dyr. Em­ma onuň gu­la­gy­na til­ki­niň: «Heý, go­wa­gam bir gep­lär­mi?» di­ýen sö­zi eşi­di­lip­dir. Gir­re ga­za­ba mü­nen ýol­bars gowakdan aty­lyp çy­kypdyr. Emma til­ki eý­ýäm göz­den ga­ýyp bo­lan eken.