Dünyäniň iň abraýly ylmy sylaglarynyň biri bolan Abel baýragynyň 2026-njy ýyldaky eýesi nemes matematigi Gerd Faltings boldy. Alyma bu baýrak 1983-nji ýylda Mordell çaklamasyny subut edendigi we arifmetik geometriýa goşan ägirt uly goşandy üçin berildi. Bu barada «New Scientist» habar berýär.
Luis Mordell tarapyndan 1922-nji ýylda öňe sürlen bu çaklama diofant deňlemeleriniň çözgütleriniň sanynyň degişli geometrik obýektleriň gurluşyna baglydygyny aýdýar. Faltingsiň 18 sahypalyk ylmy işi arifmetika bilen geometriýanyň arasynda täze köprüleri gurdy. Bu subutnama öz gezeginde meşhur «Fermanyň Beýik teoremasynyň» subut edilmegine hem ýol açdy.
Gerd Faltings bu açyşy üçin 1986-njy ýylda eýýäm Filds medalyna mynasyp bolupdy. Onuň işläp düzen usullary häzirki zaman matematikasynyň iň çylşyrymly ugurlarynyň biri bolan p-adik teoriýasynyň düýbüni tutdy. Şeýle-de bolsa, alym öz üstünligine örän sabyrly we pespäl çemeleşýär:
«Men Mordell çaklamasyny çözdüm, ýöne bu rak ýa-da Alsgeýmer keselini bejermäge kömek etmeýär, diňe biziň dünýä baradaky bilimlerimizi giňeldýär» diýip, alym belleýär.
Faltings diňe bir nazaryýetçi däl, eýsem, ökde mugallymdyr. Ol «abc çaklamasy» bilen meşhur bolan ýapon matematigi Sinýiti Motidzukiniň hem halypasydyr. Özüniň esasy ýörelgesi barada alym şeýle diýýär:
«Meniň çemeleşmäm elmydama şeýledi: men özümi meşhur we baý edip biljek zatlara seretmeli däl-de, öz halaýan zadymy tapmaga çalyşmalydyryn».
PDF









