Germaniýanyň Çepçiler partiýasy baýlyk üçin salgydy täzeden dikeltmek isleýär. Hasaplamalara görä, bu çäre ýylda 147 milliard ýewrodan gowrak peýda getirip biler.
“Tagesschau” neşiriniň berýän habaryna görä, Çepçiler partiýasy 1997-nji ýylda togtadylan baýlyk salgydynyň täzeden girizilmegini eýýäm köp wagtdan bäri talap edip gelýär. Indi olar Nemes ykdysady barlaglar institutyna (DIW) bu teklibiň döwlet býujetine näçeräk pul getirjekdigini hasaplamagy tabşyrdylar. Takmynan, hasaplamalara görä, bu mukdar ýylda 147,4 milliard ýewro barabar bolar. Çepçiler partiýasynyň hasaplamalaryna görä, bu serişde nazaryýetde Bawariýa üçin ýetmezçilik edýän 470 müň ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge, Türingiýa bolsa çagalar baglaryny we körpeler öýüni mugt etmäge mümkinçilik bererdi.
Çepçiler partiýasynyň teklibi şahsy emläkler üçin bir million ýewro, kärhanalaryň emläkleri üçin bolsa bäş million ýewro möçberindäki salgyt alynmaýan çägi öz içine alýar. Bu mukdara çenli bolan emläkler üçin şahsyýetler baýlyk salgydyndan boşadylar. Bu möçberden geçýän emläkler üçin bir göterim salgyt stawkasy ulanylar. Bu görkeziji 50 million ýewrodan geçýän emläkler üçin bäş göterime, bir milliard ýewrodan geçýän emläkler üçin bolsa on iki göterime çenli ýokarlanar.