Germaniýada barha köp adam Gün energiýasyndan peýdalanýar. Şu nukdaýnazardan, jaýlaryň balkonyna aňsatlyk bilen gurnap bolýan panellere uly isleg bildirilýär. Gün panelleri indi Germaniýada täze ýaşaýyş toplumlarynyň üçeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi: üçekdäki uly göwrümli fotoelektrik ulgamlar öý eýeleriniň zerurlyklary üçin elektrik energiýasyny öndürýär. Bu energiýany şobada ulanyp ýa-da batareýada saklap hem bolýar.
Häzirki wagtda balkonlara ýa-da eýwanlara berkidilen Gün ulgamlary ýurduň gür ilatly ýerlerinde has giňden ýaýran. Bu balkona berkitmek üçin niýetlenen fotoelektrik ulgamlary soňky ýyllarda çynlakaý ösüşe sebäp boldy. Bazar maglumatlarynyň sanawyna we Germaniýanyň Gün senagaty birleşiginiň (BSW) çaklamalaryna görä, häzirki wagtda ýurtda “Gün enjamlaryna birikdirilen” 1 million töweregi jaý bar.
Islegiň ýokary bolmagynyň sebäplerinden biri gurnamagyň aňsatlygy we elektrik energiýasynyň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik bermegi. Şeýle panelleri bölek söwda dükanlaryndan hem satyn almak mümkin. Balkon fotoelektrik ulgamlarynyň elektrik energiýa bolan çykdajylaryny tygşytlanmagy netijesinde, bu arzan ulgamlar, birnäçe ýylda çykdajylaryny ödeýärler. Gün energiýasy boýunça Federal müdirlik (BSW) Gün enjamlaryna bolan islegiň çäksizdigine ynanýar. Häkimiýetler balkon panellere bolan islegiň ösmeginiň şäherleriň içki etraplarynyň özboluşly keşbini emele getirjekdigine ynanýarlar.