Germaniýada Howpsuzlyk boýunça 62-nji Mýunhen maslahaty öz işine başlady. Çärä dünýäniň dürli ýerlerinden bilermenlerdir syýasatçylar sebit we ählumumy howpsuzlyk hem-de halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar. Mýunhen maslahatynyň başlygy Wolfgang Işinger giriş çykyşynda häzirki halkara geosyýasy ýagdaýyň maslahatyň 60-dan gowrak ýylynyň dowamynda iň dartgynlydygyny nygtady.
Üç günlük maslahat bu gezek 60 töweregi döwlet we hökümet Baştutany, 100-e golaý ýurduň daşary işler we goranmak ministrlerini bir ýere jemleýär.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temalary transatlantik gatnaşyklaryň geljegi, ählumumy gün tertibi we sebit meseleleri bolar.
PDF









