Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň maý aýyndan başlap Hukuk we Konsullyk bölüminde işlemek üçin bir ýa-da iki sany işgär kabul etjekdigini mälim etdi.
Ilçihananyň maglumatyna görä, täze işgärleriň esasy wezipeleri ýüz tutujylar bilen göni aragatnaşykda bolmak we konsullyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşmakdan ybarat bolar.
Esasy iş ugurlary şulardan ybarat:
Nemes, türkmen we rus dillerinde ýüz tutujylary kabul etmek
Wiza arzalaryny kabul etmek we olary işlemek
Ýüz tutujylar bilen hat alyşmak we telefon arkaly habarlaşmak
Wiza resminamalaryny tertiplemek we arhiwlemek
Ilçihana bu wezipä gyzyklanma bildirýän dalaşgärleri giňişleýin maglumat bilen tanyşmak üçin resmi web sahypasyna ýüzlenmäge çagyrýar. Barlag üçin baglanyşyk Ilçihananyň profilinde ýerleşdirilen.
PDF









