Germaniýada daşary ýurtlardan barýan migrantlaryň sanynyň 40 göterim azalmagy we çaga dogluşynyň pese gaçmagy netijesinde 2025-nji ýylda ilat 100 müň adam azalyp, 83,5 milliona düşdi.
Ýewropanyň senagat taýdan ösen ýurduna geçen ýyl ozalky ýyllardakydan has az migrant göçüp bardy, ölenleriň sany dünýä inen bäbekleriňkiden köp boldy. Ýurduň Federal statistika edarasynyň (Destatis) deslapky çaklamalaryna görä, geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň sany 83,5 million. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 100 müň adam az diýmegi aňladýar. Ýurtda 2003-2010-njy ýyllar aralygynda hem-de “Covid-19” pandemiýasynyň ilkinji ýyly bolan 2020-nji ýylda ilat azalypdyr. 2011-2024-nji ýyllar aralygynda bolsa, 2020-nji ýyldan beýleki her ýylda ilat sany artypdy.
“Destatis”-iň hasabyna görä, geçen ýyl ýurtda 640-660 müň aralygynda bäbek dünýä inipdir. Dünýesini täzelänleriň sany bolsa, 1 milliondan geçipdir.
2025-nji ýylyň ilkinji 10 aýynda Germaniýa göçüp baranlaryň sany 2024-nji ýylyň degişli döwründäkiden 40% az bolupdyr. Geçen ýylyň dowamynda 220-260 müň aralygyndaky daşary ýurtly bu ýurda göçüp barypdyr. Mundan ozal, 2020-nji ýylda hem migrantlaryň sany azalypdy. 1990-2024-nji ýyllar aralygynda ýurda her ýyl ortaça 356 müň migrant göçüp barypdyr.