5-nji fewralda Germaniýanyň Kansleri Fridrih Mers we onuň ýanyndaky wekiliýet resmi sapar bilen Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Rýad şäherine bardy. Bu barada “Saudi Press Agency” habar berýär.
Germaniýanyň Kansleri Er-Rýadda Mirasdüşer Şazada, Premýer-ministr Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk ugurlary we olary ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle-de soňky sebit we halkara wakalaryny hem-de olary kadalaşdyrmak boýunça tagallalary maslahatlaşdylar.
Mundan ozal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Mersiň energetika we goranyş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin 4-nji fewralda Saud Arabystanyna, Katara we Birleşen Arap Emirliklerine saparyna başlajakdygyny habar beripdiler.
Saud Arabystanyna ugramazdan ozal, Mers Pars aýlagy sebitiniň «ykdysady we syýasy ähmiýetini» göz öňünde tutup, bu sebit bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak isleýändigini mälim etdi. «Beýik döwletleriň syýasata barha köp agdyklyk edýän wagtynda, biziňki ýaly hyzmatdaşlyk her wagtdakysyndan hem has zerurdyr» diýip, Mers aýtdy. Mersiň sözlerine görä, Pars aýlagy ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk Germaniýa üçin nebit we gaz üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmek mümkinçiliklerini açýar.
PDF









