Şu ýyl Panama kanalynyň girdejileri hereketiň ýygylygynyň dikelmegi netijesinde, 5 millaird dollardan geçip biler. Bu barada kanalyň operasion wise-prezidenti Boris Moreno aýtdy. Onuň sözlerine görä, kanaldan geçýän gämileriň 75 göterimi ABŞ-na degişlidir. Hytaý, Koreýa we Çili ýaly ýurtlaryň gämileri hem suw geçelgesinden has köp peýdalanýar. Geçen ýyl Panama kanalyndan geçýän gämileriň sany belli bir derejede azalypdy.