Elektron söwda platformasy “eBay” geçen ýylyň dördünji çärýeginde garaşylandan ýokary girdeji gazandy. Bilermenler bölek söwda kompaniýasynyň 2,51 milliard dollar girdeji gazanjakdygyny çaklaýardylar. Degişli döwürde kompaniýa 2,56 milliard dollar girdeji gazandy. Kompaniýanyň arassa peýdasy bolsa, 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 8 göterim ýokary bolup, 28 million dollara ýetdi. Her paýnama üçin bolsa, 1,07 dollar girdeji hasaba alyndy. Bilermenler bu görkezijiniň 1,03 dollar boljakdygyny çaklaýardylar.
Bilermenler “Ebay”-yň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 2,54 milliard dollar boljakdygyny çaklaýarlar.
Meýlis Söýünow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.