Halkara walýuta fondunyň (IMF) maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň üçünji çärýegindäki ýagdaýa görä, amerikan dollarynyň global walýuta ätiýaçlygyndaky paýy 56,92% bolupdyr. Amerikan dollarynyň ätiýaçdaky paýy geçen ýylyň birinji çärýeginde 58,51%, ikinji çärýeginde 57,08 göterim bolupdyr. 1999-njy ýylda bu görkeziji 71,19% bolan eken. Maglumata görä, geçen ýylyň üçünji çärýeginde dünýäde ätiýaçlyk walýutanyň möçberi jemi 13 trillion dollara ýetipdir.
Ätiýaçlyk walýutasy hökmünde ýewronyň paýy geçen ýyl artypdyr. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 19,12% bolan ýewronyň paýy ikinji çärýekde 20,24%, üçünji çärýekde 20,33% bolupdyr.
Geçen ýylyň soňky çärýeginde dünýädäki ätiýaçlyk walýutasynyň 5,82%-ni ýapon ýeni emele getiripdir. Agzalýan döwürde hytaý ýuany 1,93% bolupdyr.
Tölegde amerikan dollary öňde
Global söwdanyň 10 göterimi ABŞ-a degişlidigine garamazdan, söwdanyň ýarysyndan gowragy amerikan dollarynda amala aşyrylypdyr. Energiýa tölegleriniň käbiriniň dollardan başga walýutada amala aşyrylandygyna garamazdan, çig mal harytlarynyň söwdasynyň aglabasy dollar arkaly hasaplaşylýar.
SWIFT-iň maglumatlaryna görä, dollaryň global töleglerdäki paýy geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, 50,49% bolupdyr.
Agzalýan döwürde ýewronyň paýy 21,9%, iňlis sterlinginiň paýy 6,73%, kanada dollarynyň paýy 3,44%, ýapon ýeniniň paýy 3,42% we hytaý ýuanynyň paýy 2,735 bolupdyr.