16-20-nji fewral aralygynda Nýu-Delide geçiriljek “India AI Impact” sammitinde, BMG-niň birnäçe agentlikleri Hindistanda we beýleki ösüp barýan ýurtlarda öňe sürýän başlangyçlaryny hödürlärler.
Maglumatlara görä, sammit Global Günortada şeýle derejedäki ilkinji çäre bolar. Ol 2023-nji ýylda Beýik Britaniýada geçirilen emeli aň howpsuzlygyna bagyşlanan sammitiň we 2025-nji ýylda Fransiýada geçirilen EA hereketlerine bagyşlanan sammitiň ugruny dowam etdirýär. Foruma BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we onuň sanly we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ýörite wekili Amandip Gill gatnaşar.
Gilliň sözlerine görä, BMG baý we ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky, şeýle hem döwletleriň içindäki üpjün edilen we pes girdejili gatlaklaryň arasyndaky barha ösýän «Emeli aň sanly gapma-garşylygyny» ýeňip geçmäge ünsüni jemleýär.
-Ykdysady we tehnologiki güýjüň az sanly adamlaryň elinde jemlenmegi – BMG-de biziň esasy aladamyzdyr – diýip ol nygtady. – Biz eýýäm muny öňki industrial döwürlerde görüpdik: bug energiýasy ynkylabyny elden gidirip goýanlar, ösüşde ýarym asyr yza galdylar. Biz munuň gaýtalanmagyna ýol berip bilmeris.
Gill yza galanlaryň hataryna düşmezlik üçin eýýäm ädim ädýän sebitleri belläp geçdi: – Men muny Günorta-Gündogar Aziýada, Afrikanyň köp ýurdunda we Hindistanda görýärin, ol ýerde hökümetler, alymlar, işläp düzüjiler we kiçi kompaniýalar üçin emeli aň elýeterliligini subsidirlemek arkaly öňdebaryjy orny eýeleýärler.
Hindistandaky sammit BMG-niň resmi çäresi bolmasa-da, Gill onuň gün tertibiniň düzülmegine gatnaşdy we bu forumy halkara düzgünleşdirme ýolunda möhüm ädim hasaplaýar: – Sanly gapma-garşylygy ýeňip geçmäge, mümkinçilikleri artdyrmaga we adamlary tehnologiýalaryň demokratik ara alyp maslahatlaşmalaryna çekmäge berilýän ünsi görmek örän begendirijidir.
Sammitde dünýä liderleriniň, syýasatçylaryň, tehnologiýa kompaniýalarynyň, innowatorlaryň we bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. 19-njy fewralda bolsa, çärede BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş eder. Esasy ara alyp maslahatlaşyljak mowzuk emeli aňyň dolandyryşda, innowasiýalarda we durnukly ösüşde tutýan orny bolar.
Gatnaşyjylaryň arasynda BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO), Bütindünýä azyk maksatnamasy (WFP), “BMG-zenanlar”, ÝUNISEF, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP), BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA), ÝUNESKO we BMG-niň sanly we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça müdiriýeti bar.
Sammitiň çäklerinde BMG-niň agentlikleriniň jemgyýetiň bähbidine emeli aň ulanylyşyny görkezýän birnäçe çäreleri göz öňünde tutulýar.