Hal­ka­ra Pul gaz­na­sy glo­bal yk­dy­sa­dy ösüş çak­la­ma­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­dy. Reý­ting eda­ra­sy dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň şu ýyl 3%, gel­jek ýyl 3,1% ös­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Tä­ze taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da­ky­dan 0,2%, gel­jek ýyl bol­sa, 0,1% ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di.
Mag­lu­mat­da ösü­şiň ýo­kar­lan­ma­gyn­da is­le­giň artma­gy, güm­rük sal­gyt­la­ry­nyň ap­rel aýyn­da­ky ga­ra­şy­ly­şyn­dan pes bol­ma­gy, ma­li­ýe ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy bilen baglydygy we kä­bir uly yk­dy­sa­dy­ýet­ler­dä­ki ma­li­ýe ösü­şi­niň tä­si­ri­niň bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
Gu­ra­ma ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni 2025-nji ýyl­da 1,8 gö­te­rim­den 1,9 gö­te­ri­me çy­kar­dy, gel­jek ýyl­ky ösü­şi bol­sa, 1,7 gö­te­rim­den 2 gö­te­ri­me ýe­tir­di. Ýew­ro se­bi­tin­dä­ki ösü­şiň bol­sa, ozal­ky 0,8 gö­te­rim­den 1 gö­te­ri­me, gel­jek ýyl üçin 1,2% de­re­je­sin­de sak­lan­jak­dy­gy bel­le­nil­di. Reý­ting eda­ra­sy Hy­ta­ýyň ösü­şi­ni hem 4 gö­te­rim­den 4,8 gö­te­ri­me ýe­tir­di. Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­tan ozal­ky çak edi­li­şi ýa­ly 6,2% däl-de 6,4% öser.

Orazmeňli PIRMÄDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.