BMG-niň ykdysatçylary “Dünýäniň ykdysady ýagdaýy we geljegi 2025” (WESP 2025) hasabatynda geçen ýylda bolşy ýaly, 2025-nji ýylda global ykdysady ösüşiň 2,8% boljakdygyny çaklaýarlar. Şeýle-de 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüşiniň 2,9 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Dünýä ykdysadyýeti durnukly bolsa-da, maýa goýumlarynyň gowşaklygy, öndürijiligiň haýal ösüşi we ýokary bergiler sebäpli ösüş pandemiýadan öňki ortaça 3,2 göterimden pes bolup galýar. Dünýäniň köp ýurtlarynda pul-karz syýasatynyň hem-de inflýasiýanyň gowşamagy şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň ortaça ösüşini üpjün edip biler. Şeýle-de bolsa, geosyýasy ýagdaýlar we köp ýurtlarda söwda dartgynlylygy sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikler sebäpli näbellilikler ýokary bolmagynda galýar.
“Biziň özara baglanyşykly ykdysadyýetimizde dünýäniň bir künjegindäki sarsgynlar beýlekisinde bahalaryň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Bu meselede her bir ýurduň ýerine ýetirmeli işi bar, şonuň üçin gazanylan üstünliklere esaslanyp, onuň çözgüdine gatnaşmalydyr” – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş hasabatyň girişinde belleýär.
BMG-niň hasaplamalaryna görä, ABŞ-nyň ykdysadyýeti 2025-nji ýylda 1,9%, indiki ýyl bolsa 2,1% öser. Çaklamalara görä, Beýik Britaniýa degişlilikde, 1,2% we 1,4%, Ýaponiýa 1% we 1,2%, Ýewropa Bileleşigi 1,3% we 1,5%, Ýewro zolagy 1,1% we 1,3% öser.
Hytaýyň jemi içerki önümi şu ýyl 4,8%, geljek ýyl 4,5%, Braziliýada, degişlilikde, 2,3% we 1,9%, Hindistanda 6,6% we 6,7% öser diýlip çaklanylýar.
2025-nji ýylda ösen ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösüşiniň 1,6%, 2026-njy ýylda 1,8% bolmagyna garaşylýar. Ösüp barýan ýurtlar üçin bu çaklamalar, degişlilikde, 4,3% we 4,2% bolar.
BMG dünýä söwdasynyň şu ýyl 3,2%, 2026-njy ýylda 3,5% ösmegine garaşýar. Ol 2024-nji ýylda 3,4% ýokarlandy.
“Söwda meselesindäki dartgynlylyklar, proteksionistik syýasatlar we geosyýasy näbellilikler dünýä söwdasynyň mümkinçiligi üçin möhüm töwekgelçilik döredýär. Global hümmetsizlenme geçen ýylky 4 göterimden 2025-nji ýylda 3,4 göterime çenli peselip, öý hojalyklary we kärhanalar üçin peýdaly boljakdygy çaklanylýar. Şu ýyl hümmetsizlenmegiň täsiriniň gowşamagy sebäpli iri merkezi banklar göterimli stawkasyny azaltmagyny dowam etdirer. Resminamada ösüp barýan ýurtlaryň köpüsinde hümmetsizlenmegiň orta derejededigine garamazdan, soňky wagtlardaky ortaça görkezijilerden geçjekdigi we 2025-nji ýylda her bäş ýurtdan birinde 10 göterimden ýokary boljakdygy bellenilýär.