«Go­og­le»-yň elekt­ron poç­ta hyz­ma­ty bo­lan «Gmail» 22 ýa­şa­dy. 2004-nji ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de «Go­og­le» in­ter­net göz­leg saý­ty ta­ra­pyn­dan işe gi­ri­zi­len elekt­ron poç­ta hyz­ma­tyn­dan hä­zir­ki wagt­da 1,8 milliarddan gow­rak adam peý­da­lan­ýar. Mugt hat we ha­bar ug­rat­mak­da peý­da­la­nyl­ýan bu ul­gam hem­me­le­re el­ýe­ter­li bol­mak bi­len bir ha­tar­da, yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Web in­ter­feý­si, POP3, SMTP, IMAP pro­to­kol­la­ry, şeý­le hem And­ro­id te­le­fon­lar­da «Gmail» prog­ram­ma­sy ar­ka­ly «Go­og­le»-yň elekt­ron poç­ta hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp bol­ýar. 2012-nji ýyl­da «Gmail» dün­ýä­de iň meş­hur e-poç­ta hyz­ma­ty­na öw­rül­di we ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bo­ýun­ça bäs­de­şi «Micro­soft»-yň «Hot­ma­il»-nden öňe geç­di.
Ula­ny­jy­lar gmail.com e-poç­ta sal­gy­sy­ny aç­mak ar­ka­ly bu ul­gam­dan peý­da­la­nyp bil­ýär­ler. 2005-nji ýyl­da poç­ta gu­tu­sy 1 GB-dan 2 GB-a çen­li art­dy­ryl­dy. 2012-nji ýyl­da «Go­og­le Drive»-yň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len poç­ta gu­tu­sy­nyň öl­çe­gi 7,5 GB-dan 10 GB-a çen­li ulal­dyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Gmail» ula­ny­jy­la­ry­na «Go­og­le»-da 15 GB ýer ber­ýär.
Ta­ry­hy
«Go­og­le»-yň iş­gä­ri Pol Bu­haýt 2001-nji ýyl­da «Gmail» e-poç­ta hyz­ma­ty­nyň üs­tün­de iş­läp başl­aýar. Üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan tas­la­ma 2004-nji ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de işe gi­ri­zil­di. Şol wagt­lar «Go­og­le»-yň e-poç­ta hyz­ma­ty mugt­dy­gy, 1 GB-a çen­li boş ýer ber­ýän­di­gi bi­len beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar­dy.
«Gmail» 40-dan gow­rak dil­de el­ýe­ter­li­dir. 2009-njy ýyl­da «Gmail» «iP­ho­ne» we «iPod Touch» ula­ny­jy­la­ry üçin hem el­ýe­ter­li bol­dy. 2015-nji ýyl­da e-poç­ta hyz­ma­tyn­da iber­mek ama­ly­na ha­tyň ha­çan bar­ma­ly­dy­gy ba­ra­da goş­ma­ça amal gi­ri­zil­ýär. Şeý­le­lik­de, ug­ra­dy­lan hat aly­ja şol wagt­da däl-de, gör­ke­zi­len wagt­da bar­ýar. My­sal üçin, gi­je 12:00-da dos­tuň dog­lan gü­nü­ni gut­la­mak üçin hat iber­mek­çi bol­saň, ýa­ry­gi­jä çen­li ga­raş­mak hök­man däl. Dog­lan gün gut­la­gy­ny bir­nä­çe gün öňün­den şol wag­ty gör­kez­mek ar­ka­ly no­ba­ta go­ýup bol­ýar. «Gmail» 9 aý bä­ri ula­nyl­ma­ýan poç­ta ha­sa­by­ny ýap­mak hu­ku­gy­ny özün­de sak­la­ýar. «Go­og­le» poç­ta hyz­ma­ty­nyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, öý­jük­li te­le­fo­na 6 san­ly ko­dy SMS ul­ga­my ar­ka­ly ýol­la­ýar. Poç­ta ha­sa­by özü­ne howp aba­nan ýag­da­ýyn­da wagt­la­ýyn ýa­py­lyp ýa-da çäk­len­di­ri­lip bil­ýär. Çäk­len­di­ri­len poç­ta ha­sa­by­nyň di­kel­diş iş­le­ri
24 sa­ga­da çen­li do­wam ed­ýär.