Rokfellerleriň maşgalasy Pablo Pikassonyň matanyň ýüzüne şekillendirilen “Gernika” atly gobeleni gaýtadan abatlanandan soňra BMG-ä gaýtaryp berdi. Indi ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň zalynda ozalky ýerinde gysdyrylar. Bu barada bütindünýä guramasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Rokfellerleriň maşgalasy geljekde bu eseri Taryhy gymmatlyklary gorap saklamak boýunça Milli gazna sowgat bermekçi. Emma häzirlikçe ol Howpsuzlyk Geňeşiniň zalynda galar. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş maşgalabaşy Nelson Rokfeller – kiçä  hoşallyk bildirip:

– “Gernika” halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmegiň näderejede zerurdygyny bütin dünýä aýan edýär. Bu täsin taryhy eseri gorap saklamak biziň üçin mertebedir – diýip belledi.

BMG 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisler otagynyň gapdalynda 35 ýyl bäri asylgy duran gobeleni eýesi Nelson Rokfeller – kiçä gaýtaryp berdi. Şonda onuň abatlaýyş üçin wagtlaýyn äkidilýändigi habar berilmändi.

Gobelen 1955-nji ýylda Pikasso tarapyndan döredilen asyl kartinanyň esasynda döredilipdi. Eserde kubizm usulyýetinde 1937-nji ýylda Ispaniýanyň raýat urşy döwründe Ispaniýanyň Gernika şäherine nemes howa hüjüminiň netijeleri şekillendirilýär. Bu eser urşuň elhençliginiň nyşanyna öwrüldi.