Gök çaý artykmaç agrama garşy göreşde örän peýdaly bolup biler. Braziliýanyň Kruzeýru-du-Sul uniwersitetiniň professory Rozmari Ottonyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary tarapyndan şeýle netijä gelindi.
Ýokary kaloriýaly iýmitler bilen naharlanan syçanlarda geçirilen tejribeler hem muny tassyklady. Iýmit bilen birlikde gök çaý ekstraktyny alan haýwanlaryň agramy azaldy we olaryň bedenleri şekeri has gowy özleşdirip başlady.
Alymlaryň pikiriçe, çaýdaky maddalar semizlige sebäp bolýan myşsa süýümleriniň atrofiýasynyň öňüni alýar, şeýle hem glýukozany has işjeň energiýa öwürmäge kömek edýär. Mundan başga-da, çaý maddalaryň dogry çalyşmasyna jogap berýän genleri işledýär. Alymlar çaýyň peýdasynyň esasy syrynyň sowuklama bilen göreşýän we metabolizmi gowulandyrýan ýörite belokda (adiponektin) ýerleşýändigine ynanýarlar. Barlagyň netijeleri «Cell Biochemistry & Function» žurnalynda çap edildi.
Gurbandurdy ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
PDF









