Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn-amaly sport bäsleşigi geçirildi.
«Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen bäsleşige toparlaryň 14-si gatnaşyp, olar ýangyna garşy göreşmek boýunça ukyplaryny bäş tapgyrda görkezdiler.
Birinji tapgyrda ýetginjekler agaç päsgelçilikden ylgap geçmek bilen, suw pürküjini suw geçirijä birikdirip hem-de ondan aýryp, ylgawyny dowam etdirdiler. Ikinji tapgyrda bellenilen aralygy geçip, rejelenip goýlan pökgüleri nyşananyň içine düşürmek boýunça bäsleşdiler. Üçünji tapgyrda bäsdeşler ýangyn söndürijini ulanmak, dördünji we bäşinji tapgyrlarda emeli ýangyna garşy göreşmegiň düzgünlerini düşündirmek hem-de ony söndürmek boýunça ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, birinji orny «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň topary eýelemegi başardy. Ikinji we üçünji orunlara degişlilik «Beýik Serdar nesilleri» we «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň toparlary mynasyp boldular.
Ýeňijilere diplomlar, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş nesliň beden we aň taýdan sazlaşykly kemala gelmegine, dynç alýan döwründe ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge şert döredýär.
Bu bäsleşik Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramaklarynda geçirildi.
Ýeri gelende aýtsak, döwrebap dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilen «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş merkezinde körpe nesliň birbada 325-si wagtyny hoş geçirýär.