Saud Arabystany 350 metrlik gökdiräniň üçeginde futbol stadionyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Gulf News” portaly habar berýär.

Dünýäde ilkinji “asman stadionynyň” taslamasynyň bahasy 1 milliard dollara barabar diýlip çaklanylýar. 46 müň tomaşaçy üçin niýetlenen arena dolulygyna Gün we ýel energiýasy bilen işlär. Geljegiň şäheri bolan Neomdaky stadionyň gurluşygy 2027-nji ýylda başlanmaly we bäş ýylyň dowamynda tamamlanmaly.

2024-nji ýylyň dekabrynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) kongresi Saud Arabystanyny 2034-nji ýylda Dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde resmi taýdan tassyklady. Toparlaýyn tapgyrdaki oýunlar we birnäçe pleý-off oýunlar ýurduň bäş şäherindäki 15 stadionda, şol sanda Neomdaky bir arenada geçiriler. “Asman stadionynda” bu oýunlaryň geçirilip geçirilmejekdigi heniz resmi taýdan tassyklanmady.

Neom – Saud Arabystanynyň demirgazyk-günbatarynda, Gyzyl deňziň kenarynda, Müsür we Iordaniýa bilen serhediň golaýynda ýerleşýän gelejegiň uly möçberli akylly şäheriniň we ykdysady zolagynyň taslamasydyr. Onuň gurluşygy üçin 500 milliard dollar bölünip berildi. Neomyň merkezi bölegi dokuz million ýaşaýjyny ýerleşdirmäge niýetlenen 170 kilometre uzaýan “aýnaly gökdirän” bolar.

2023-nji ýylda Saud Arabystanynda “Neom” atly futbol kluby döredildi, ol geçen möwsümde Pro Liga çykdy. Ol Neom gurluşyk meýdançasyndan 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tabuk şäherinde ýerleşýär. «Neom» häzirki wagtda öňde barýan «Al-Nassrdan» sekiz utuk yzda galyp, sekizinji orunda durýar.