«Google maps» hyzmatynda ulanyjynyň gitmekçi bolýan ýeriniň dyknyşygy – adam sanyny anyklamak üçin täze bir funksiýa peýda bolar. Bu täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda has-da möhümdir. Häzirki wagtda «Etrabyň meşgullygy» atly bu funksiýa synagdan geçirilýär. Bu karta doly güýjünde işe girizilenden soň, ulanyjylaryň söwda merkezleri, howa menzilleri ýaly ýerlerdäki hyzmatlar hakda hem has giňişleýin maglumat alyp bilýän programmanyň ýola goýuljakdygy habar berilýär.