“GQ Japan” žurnaly Hideo Kodzimany “Ýylyň adamy” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň iň gowy döredijisi diýip mälim etdi.
“Bu dörediji diňe bir oýun döretmek bilen çäklenmän, eýsem, kino we interaktiw mediýanyň arasyndaky çäkleri aradan aýryp, düýbünden täze görnüşli güýmenjeleri oýlap tapýar. “Häzirki wagtda ol biziň hyýalymyzdan has ýokary bolan innowasion eserleri döredýär” diýlip žurnalyň beýanatynda bellenilýär.
Bu ýyl Hideo Kodzima “Death Stranding 2: On The Beach” filminiň dowamyny çykardy. Oýun Sam Brijes Amerikany bütinleý çökmekden halas edip, altynjy ýitgini togtatandan birnäçe ýyl soň bolup geçýär. Ilkinji oýnuň wakalaryndan soň dünýä bütinleý özgerdi. “Death Stranding 2” tankytçylardan haýran galdyryjy seslenmeleri aldy.