Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Misotakis Hökümetiň golaý wagtda 15 ýaşdan kiçi çagalara we ýetginjeklere sosial torlary ulanmagyň gadagan edilmegi meselesine garaýandygyny habar berdi. Bu barada “Bloomberg” habarlar agentligi ýazýar.
“Sosial torlarda sahypalary yzygiderli dörmek olaryň psihiki saglygyna zyýan ýetirýär, bize munuň çäresini tapmak gerek” diýip, Premýer-ministr belledi.
Misotakisiň sözlerine görä, bu mesele babatda teklip birnäçe hepdäniň dowamynda mälim ediler.
Agentlik Gresiýanyň sosial torlaryň çagalar we ýetginjekler üçin peýdalanylmagyny çäklendirmekçi bolýan nobatdaky Ýewropa ýurdy boljakdygyny ýazýar. Misotakisiň pikirine görä, ahyrky netijede Ýewropa bu mesele boýunça ýeke-täk çemeleşmäni işläp düzer.
Mundan ozal Fransiýa, Sloweniýa, Beýik Britaniýa, Polşa, Portugaliýa kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin sosial torlary ulanmagy çäklendirmek ýa-da doly gadagan etmek baradaky garaýyş bilen çykyş edipdiler. Awstraliýa geçen ýylyň 10-njy dekabrynda dünýäde 16 ýaşdan kiçiler üçin sosial torlary gadagan eden ilkinji ýurt bolupdy.
Esasy Dünýä täzelikleri Gresiýada 15 ýaşdan kiçilere sosial torlardan peýdalanmagy gadagan edip biler
PDF









