Olimpiýa oýunlarynyň watany hasaplanýan Gresiýa robot oýunlarynyň hem watany bolmaga meýilleşdirýär. Golaýda ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Mora ýarym adasyndaky Olimpiýa şäherinde Halkara adamsypat Robot Olimpiýa oýunlary geçirildi. Bu olimpiýa oýunlarynda meýdança adamlaryň deregine iki aýakly robotlar çykdy. Tehnologiýa bilen sporty birleşdirýän täsin çäräniň çäklerinde dürli sergiler, ussatlyk sapaklary we oýunlar guraldy. Bäş gün dowam eden çärede kompaniýalar öndüren önümlerini tanyşdyrmaga hem mümkinçilik aldy. Myhmanlar bolsa, tehnologiýanyň ýeten derejesini ýakyndan görmäge mümkinçilik aldylar. Ilkinji gezek geçirilen ýaryş has ýönekeý bolup, medal gowşurylyş dabarasy geçirilmedi. Emma guramaçy topar gatnaşyjylaryň artmagy bilen geljek ýyllarda has iri çäre geçirmegi maksat edinýär. Şu ýylyň 15-17-nji awgustynda Hytaýyň paýtagty Pekinde Bütindünýä adamsypat robot oýunlary geçirildi.