Gresiýada geçirilen ilat ýazuwynda ýurtda hemişelik ýaşaýanlaryň sanynyň 10 million 432 müň 481 bolandygy mälim edildi. Bu görkeziji soňky on ýylyň dowamynda ilatyň 3,5 göterim azalandygyny aňladýar. Maglumatlara görä ýurtda zenanlaryň sany erkeklerden has köp. Ýurtda 2011-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynda 10 million 815 müň 197 adamyň ýaşaýandygy hasaba alnypdyr. Netijede, soňky on ýylda ýurduň ilaty 383 müň 805 sany azalypdyr.
Ýurtdaky zenanlaryň sany 5 million 357 müň 232 bolup, ilatyň 51,3 göterimini düzýär. Erkekleriň sany 5 million 75 müň bolupdyr. Paýtagt Afinyny öz içine alýan Attika sebitiniň ilaty 2011-nji ýylda 35 müň 965 adam azalyp, 3 million 792 müň 469 bolupdyr. Ýurduň Orta Makedoniýa sebitiniň ilatynyň 1 million 792 müň 69 bolandygy mälim edildi. Bu sebitiň ilaty on ýylda 90 müňden gowrak azalypdyr. Gresiýanyň 13 administratiw sebitiniň 12-siniň ilaty azalypdyr. Diňe Günorta Egeý sebitiniň ilaty artypdyr. Bu sebitiň ilaty 309 müňden 324 müňe ýetipdir.