2026-njy ýylyň ýanwarynda Gruziýanyň howa menzilleriniň ýolagçy akymy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16 göterim köpeldi. Bu barada ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligine salgylanýan «Xinhua» agentligi habar berdi.
Hasabat döwründe gruzin howa menzillerinde 2873 howa gatnawy amala aşyryldy, bu 2025-nji ýylyň ýanwaryndan 16,17 göterim köpdür. Hyzmat edilen ýolagçylaryň umumy sany 613 933 adama deň boldy.
Howa ulaglary arkaly daşalan ýükleriň möçberi ýyllyk aňlatmada 38,75 göterim ýokarlanyp, 3147,16 tonna ýetdi. Umuman alnanda, üstümizdäki ýylyň birinji aýynda Gruziýanyň howa menzillerinde 24 387 sany uçuş-gonuş we üstaşyr uçuş hasaba alyndy.
PDF









