Angliýanyň Liga Kubogy (EFL Cup) ýaryşynyň finalynda “Arsenal” bilen “Mançester Siti” toparlary duşuşdy. Londondaky meşhur “Wembley” stadionynda geçirilen oýnuň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezen “Mançester Siti” topary 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şäherlilere ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Niko O’Raýli geçirdi. Ol 60-njy we 64-nji minutlarda tapawutlandy. Ol Zlatan Ibrahimowiçden soň, 2017-nji ýyldan bäri bu ýaryşyň finalynda dubl eden ilkinji futbolçy boldy.

Şunlukda, “Mançester Siti” 9-njy gezek bu kubogy gazanmagy başardy. “Mançester Siti” bu ugurda “Liwerpuldan” 1 kubok az 2-nji orny eýeleýär.

“Mançester Sitidäki” 19-njy kubogy

Bu ýaryşyň finalynda ýarym asyrdan gowrak wagtdan soň APL-de 1-2-nji orunlarda barýan klublar duşuşyp, Pep Guardiola “Mançester Siti” bilen 19-njy, karýerasy boýunça-da 40-njy kubogyny asmana göterdi. Ispaniýaly hünärmen iň köp kubok gazanan tälimçileriň sanawynda Aleks Fergusondan soň 2-nji ýerde barýar. Pep bu kubogy 5 gezek gazanan ilkinji tälimçi bolup, şäherliler 2018-2021-nji ýyllar aralygynda Guardiolanyň ýolbaşçylygynda yzly-yzyna 4 sapar eýeläpdiler. Şeýle-de, bu ýeňiş “Mançester Sitiniň” taryhyndaky 44-nji kubok hökmünde hasaba alyndy (19-sy Guardiolanyň tälimçiliginde).

33 ýyldan bäri gazanmak başardanok

Iňlis metbugatynda “Arsenalyň” möwsümi 4 kubok bilen tamamlamak mümkinçiligi barada bellenilýärdi. Ilkinji säwligini goýberip, taryhy statistika ýetmek mümkinçiligini elden gideren “Arsenala” Angliýanyň Liga Kubogyny 33 ýyldan bäri gazanmak başardanok. Topçular bu kubogy bar-ýogy 2 gezek – 1987-nji hem-de 1993-nji ýyllarda gazanypdylar. “Arsenal” soňky gezegem bu kubogyň finalynda 2018-nji ýylda “Mançester Sitiden” 3-0 asgyn gelipdi.