Gül­kä-he­ne­ge ýug­ru­lan eser­ler türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bol­ma­gyn­da gal­ýar. Özi-de ol göz­ba­şy­ny ju­da ir­ki dö­wür­den — Al­dar­kö­se, Epen­di, Esen­po­lat ha­kyn­da­ky şor­ta söz­ler­den alyp gaýt­mak bi­len, Ke­mi­nä­niň döw­rün­de şyg­ry­ýe­te hem ara­laş­ýar. Ke­mi­nä­niň bu baş­lan­gy­jy­ny ge­çen asy­ryň ba­şyn­da Dur­dy Gy­lyç, Ata Sa­lyh ýa­ly şa­hyr­lar my­na­syp do­wam et­dir­di­ler. Ola­ryň yzy­sü­re ede­bi­ýa­ty­myz­da gül­kü­li kys­sa­nyň fe­le­ton, ýu­mo­res­ka, pamf­let ýa­ly gör­nüş­le­ri-de ke­ma­la gel­di. Ge­çen asyr­da Ça­ry Gur­ban­gy­ly­jow, Gur­ban­gy­lyç Hy­dy­row, Py­hy Ta­gan, Al­la­na­zar Beg­na­za­row ýa­ly ýa­zy­jy­lar gül­kä-he­ne­ge ýug­ru­lan eser­le­ri dö­ret­mek­de ön­düm­li iş­le­di­ler.
Ýo­kar­da at­la­ry ag­za­lan gül­ki-he­nek us­sat­la­ry­nyň ýo­lu­ny bi­ziň döw­rü­miz­de — XXI asyr­da Nur­ber­di Dä­de­ba­ýew my­na­syp do­wam et­dir­me­gi ba­şar­ýar. Nur­ber­di­niň çap edil­ýän gül­kü­li kys­sa­la­ry­ny uzak ýyl­lar­dan bä­ri met­bu­gat ar­ka­ly yzar­lap gel­ýä­rin. Onuň bu ugur­da eý­ýäm ha­ly­pa­ly­ga ýe­ten­di­gi bol­sa, aý­ra­tyn nyg­ta­ma­ny­myz­da-da mä­lim­dir. Ýe­ri ge­len­de, Nur­ber­di­niň ga­la­my­ny di­ňe bir ugur­da — gül­kü­li kys­sa­lar­da iş­led­ýän­di­gi­ni-de nyg­tan ýag­şy. Di­ňe gül­kä-he­ne­ge ýug­ru­lan eser­le­riň üs­tün­de iş­le­me­gi onuň oky­jy­la­ryň ara­syn­da tiz meş­hur bol­ma­gy­na ge­tir­di.
El­bet­de, gül­ki­niň ada­myň sag­ly­gy­na ed­ýän oňyn tä­si­ri­ni dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da luk­man­çy­lyk­da gül­ki be­jer­gi­si­niň iş­jeň ula­nyl­ýan­dy­gy hem su­but ed­ýär. Alym­lar bir ge­zek ýü­rek­den gül­me­giň ada­myň öm­rü­ni bäş mi­nut uzald­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Şo­nuň üçin hem dün­ýä­niň is­len­dik ýur­dun­da hä­zir­ki dö­wür­de hem gül­kü­li eser­le­re oky­jy­lar ta­ra­pyn­dan uly is­leg bil­di­ril­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de Nur­ber­di­niň gül­kü­li kys­sa­la­ry gün­de­lik met­bu­ga­tyň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ola­ryň oky­jy­sy bol­sa uly aky­my eme­le ge­tir­ýär. Eý­sem, Nur­ber­di­niň eser­le­ri­niň beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­ly ta­ra­py nä­me­den yba­rat? Bu so­wa­la bir söz bi­len kes­git­le­me ber­me­li bol­sa, ol ýö­ne­keý, ada­ty wa­ka­lar­dan hem gül­ki ýa­sap bil­ýär, şo­nuň üçin hem onuň eser­le­ri özü­ne­ çe­ki­ji we has ynan­dy­ry­jy di­ýip aý­dyp bo­lar. Yn­ha onuň ýa­kyn­da met­bu­gat­da çap edi­len «Ökü­ziň gor­ku­sy» he­ka­ýa­sy hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ne gü­wä geç­ýär. He­ka­ýa­nyň baş gah­ry­ma­ny giz­len­pe­çek oý­na­ýar-da, için­de ba­ka goý­lan öküz daň­lan mal ýa­ta­gy­nyň üs­tün­de giz­len­mek is­le­ýär. Üs­ti ot bi­len ba­sy­ry­lan mal ýa­ta­gy­nyň oty aza­lan eke­ni. Şol se­bäp­li ol bir bo­gy ot bi­len bir­lik­de, ba­ky­da du­ran ökü­ziň üs­tü­ne pat­lap gaç­ýar. Og­lan öküz­den gor­kup, se­si­niň ýet­di­gin­den gy­gy­ryp baş­la­ýar. Bu zat­lar­dan gor­kan ökü­ziň ýag­da­ýam on­dan go­wy däl. Og­la­ny süs­mek­den ge­çen öküz, gor­kup ta­na­py­ny üz­ýär-de, üm­dü­zine gaç­ýar. Giz­len­pe­çek oý­na­ýan og­la­ny gor­ku­dan aç­mak, bo­şa­nan ökü­zi tut­mak uly ile iş bol­ýar.
Beý­le wa­ka­lar oba ýer­le­rin­de bo­lup bi­läý­jek ýag­daý. Ýa­zy­jy şeý­le pur­sat­la­ry ta­pyp, olar­dan gül­kü­li kys­sa­la­ry ýa­sa­ma­gy ök­de­lik bi­len ba­şar­ýar. As­lyn­da oba­da önüp-ösen ýa­zy­jy­nyň eser­le­rin­de oba dur­mu­şy­na be­let­lik has aý­dyň du­ýul­ýar. Hut şu ýag­daý hem bu eser­le­riň ynan­dy­ry­jy­ly­gy­ny art­dyr­ýar.
Gül­kä ýug­ru­lan pur­sat­lar Nur­ber­di­niň eser­le­rin­de köp duş­ýar. Özem olar özü­ne çe­ki­ji bol­şy ýa­ly, ýat­da ga­ly­jy hä­si­ýe­te hem eýe. Olar adam­la­ryň ara­syn­da he­nek gör­nü­şin­de hem ýy­gy-ýy­gy­dan aý­dyl­ýar. Bi­ze bol­sa öz dö­re­di­ji­lik ýo­lu­na yg­rar­ly bo­lup, bu ugur­da ön­düm­li iş­läp, adam­la­ra gül­ki paý­la­ýan ýa­zy­ja «Oky­jy­la­ra gül­ki paý­la­mak­dan ýa­da­maň!» di­ýäý­mek gal­ýar.

Otuz­mät Ka­ky­şow,
Gö­rog­ly et­ra­by­nyň ýa­şaý­jy­sy.