Eýranyň weterinariýa guramasynyň baş müdiri, Golam Reza Mehrabi ýurduň Gülüstan welaýatyndan guş önümleriniň 15 ýurda eksport edilýändigini aýtdy. Bu barada IRNA habarlar gullugy mälim edýär.

-Häzirki Eýran senenama ýylynyň (2021-nji ýylyň 21-nji martynda başlandy) başyndan bäri Eýranyň Gülüstan welaýatyndan guş eti we guş önümleri 15 ýurda ugradylýar – diýip, Golam Reza Mehrabi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gülüstandan guş eti we guş önümleri Yrak, Wýetnam, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Türkiýe, Taýland, Owganystan, Katar, BAE, Türkmenistan, Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Russiýa eksport edilýär.