Gün ulgamyndaky ähli planetalar, şol sanda Ýer Günüň daşyndan aýlanýar. Ýeriň hemrasy Aý we beýleki planetalaryň hemralary hem öz planetasynyň daşyndan aýlanýar. Eýsem, Gün aýlanýarmyka?!
Gün öz ulgamyndaky ähli planetalar we beýleki asman jisimleri bilen bilelikde Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkeziniň daşyndan aýlanýar. Akmaýanyň ýoly galaktikasynda milliardlarça ýyldyz, olaryň daşyndan aýlanýan planetalar, gazdan emele gelen äpet bulutlar bolup, disk şekilindäki bitewüligi emele getirýär. Gün ulgamy bolsa, sagatda 800 müň kilometr töweregi tizlik bilen galaktikanyň merkeziniň daşyndaky aýlawyny 230 million ýylda tamamlaýar. Emele gelenine 5 milliard ýyl bolandygy çaklanylýan Gün ulgamynyň häzire çenli orbitasyndaky aýlawyny 20 gezek tamamlandygy çaklanylýar. Galaktikanyň giňligi 100 müň ýagtylyk ýylyna barabar. Ýagtylyk ýyly kosmosda ulanylýan uzynlyk ölçeg birligi bolup, 9,7 trillion kilometr töweregi. Bu uzynlyk ölçegine ýagtylyk ýyly diýilmeginiň sebäbi, şöhläniň bir ýylyň dowamynda geçýän aralygyna barabar. Ýagny galaktikanyň bir tarapyndan beýleki tarapyna şöhläniň tizligi bilen 100 müň ýylda baryp bolýar. Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň merkezindäki asman jisimleri has ýygjam ýerleşýär. Galaktikanyň grawitasiýasy Günüň we Gün ulgamyndaky ähli planetalaryň şol bir orbitada hereket etmegine mümkinçilik berýär.