Merkezi edarasy Brýusselde ýerleşýän «Solar Power Europe» jemgyýeti Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda Gün energiýasynyň sarp edilişi barada täze maglumat ýaýratdy. Maglumata görä, sebitde iýun aýynda Gün iň uly elektrik energiýa çeşmesi bolupdyr. Şeýlelikde, sarp edilen elektrik energiýasynyň 22,1 göterimi Gün beketlerinden alnypdyr. Şeýle-de bolsa, Gün energiýasyna goýberilýän maýa goýum uzak ýyldan soňra geçen ýyl azalypdyr. Munda elektrik energiýasynyň bu çeşmesine berilýän ýeňillikleriň azalmagynyň hem-de energiýanyň bahasynyň arzanlamagynyň sebäp bolandygy bellenilýär. Maglumata görä, Gün energiýasy desgalarynyň işe girizilişi 2022-nji ýylda 47%, 2023-nji ýylda 51%, geçen ýyl 3,3% artypdyr. Üstümizdäki ýylda bolsa, Gün energiýasy desgalarynyň gurluşynyň geçen ýyldakydan hem pes bolmagyna garaşylýandygy bellenildi. 2024-nji ýylda önümçilik kuwwaty 65,1 gigawata barabar Gün beketleri işe girizilen bolsa, bu görkezijiniň üstümizdäki ýylda 64,2 gigawat boljakdygy bellenilýär.
Sebitde ýaşaýjylaryň balkonlara we üçeklere Gün panellerini ýerleşdirmegi sebäpli energiýanyň bahasynyň peselýändigi, iri taslamalaryň yza süýşürilýändigi bellenilýär.
Arzygül SARYÝEWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen
kitaphanalar ulgamynyň B.Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.