Ýekşenbe güni Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) 47-nji sammitinde resmi dabaradan soň, Gündogar Timor sebit guramasynyň 11-nji agzasy hökmünde tassyklandy.
Gündogar Timoryň Prezidenti Žose Ramuş-Orta we Premýer-ministr Ksanana Gusmao ASEAN-a kabul edilmek baradaky Jarnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.
Gündogar Timor 2011-nji ýylda ASEAN-a agza bolmak barada arza berdi. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda ASEAN-a agza ýurtlar bu ýurdy sebit guramasynyň täze agzasy hökmünde kabul etmek barada köp babatda ylalaşdylar.
47-nji ASEAN sammiti we oňa degişli maslahatlar 2025-nji ýyldaky ASEAN-yň başlygy Malaýziýa tarapyndan geçirilýär we ýekşenbe gününden sişenbe gününe çenli dowam eder.
ASEAN 1967-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň düzümine Bruney, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Filippinler, Singapur, Tailand, Wýetnam we Gündogar Timor girýär.
PDF









