Adamlar diňe howanyň sowuk wagty, sergin şemal öwsende däl, kähalatda salkyn jaýdan ýyly ýere çykanda hem asgyrýarlar. Garaňky jaýdan ýagty ýere çykylanda hem asgyrylýan wagty bolýar. Adatça, asgyrmak biygtyýar bolup geçýär. Asgyrmak burundaky damarlaryň gyjynmagy netijesinde ýüze çykýar. Asgyrmazdan ozal burundaky damarlar beýnä habar ýollaýar. Şonuň netijesinde beýnimiz kelledäki we boýundaky ses damarlaryny birden dartýar. Soňra bolsa batly asgyrýarys. Şeýle ýagdaýda burundaky tozan bölejikleri we mikroplar hem daşary çykýar. Şol sebäpli asgyran wagtymyz elýaglyk bilen agzymyzy ýapmagy unutmaly däldiris. Ýöne agzymyzy doly ýapyp, asgyrmagyň öňüni almaga çalyşmaly däldir!
Alymlar ýagtylyga ýa-da yssy ýere çykylanda asgyrmagyň göz bilen baglydygyny belleýärler. Adamyň gözüniň bäbenegi ýagty ýere çykanda kiçelýär. Bu ýagdaýda göze iň ýakyn bolan burundaky damarlar gyjynýar we adam asgyrýar.
Geçirilen barlaglarda adamlaryň 15-25 göteriminiň güne çykanda yzly-yzyna 4-5 gezek asgyrýandygy ýüze çykarylypdyr. Şeýle hem alymlar asgyrmagyň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny belleýärler.
Howadaky haýsydyr bir tozan bölejigi, derlän wagtyň salkyn şemalyň çalmagy ýa-da sowuk howa hem asgyrmaga sebäp bolýar.
Alymlar asgyran wagtyň gözüň ýumulýandygyny, ony açyk tutmagyň mümkin däldigini belleýärler. Köp adam asgyrylan wagty ýüregiň örän gysga wagtlyk durýandygyna ynanýar. Emma munuň dogry däldigi bellenilýär. Adam asgyran wagty burnundan çykýan damjalar sagatda 160 km tizlik bilen hereket edýär.