Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, gü­ne­ba­kar adam­zat dur­mu­şy­na bug­daý­dan hem öň ara­la­şan ösüm­lik­dir. Onuň eki­lip baş­la­nan wag­ty­nyň 5 müň ýyl­dan hem ozal­ky döw­re de­giş­li­di­gi­ni tas­syk­la­ýan mag­lu­mat­lar bar. Hä­zir­ki wagt­da gü­ne­ba­kar­yň köp gör­nü­şi bo­lup, iň uly gör­nü­şi­niň bo­ýy 9,5 met­re, gü­lü­niň dia­met­ri bol­sa 82 sm-e deň­dir. Iň ki­çi gör­nüş­li gü­ne­ba­kar­yň bo­ýy ba­ry-ýo­gy 5 sm-e ýet­ýär.
Gü­ne­ba­kar diý­len­de, göz öňü­mi­ze Gü­nüň reň­ki bo­lan açyk sa­ry reňk gel­ýän hem bol­sa je­mi 70-den gow­rak gör­nü­şi bo­lan gü­ne­ba­kar ösüm­li­gi­niň gy­zyl, go­ňur, gyr­my­zy reňk­li­si hem bar. Ek­zo­ti­ka­ny ha­la­ýan adam­la­ra gü­ne­ba­ka­ryň ýap­rak­la­ry se­çek­li nag­şy ýat­lad­ýan gör­nü­şi­ni syn­la­mak has-da gy­zyk­ly­dyr.
Gü­ne­ba­ka­ryň tä­sin­li­gi onuň beý­le­ki ösüm­lik­le­riň­kä meň­ze­me­ýän üýt­ge­şik hä­si­ýet­le­ri bi­len bag­ly­dyr. Ola­ryň il­kin­ji­si bol­sa gü­ne­ba­ka­ryň, ha­ky­kat­dan hem, Gü­ni ha­la­ýan­dy­gy, ýag­ny Gün şöh­le­si­ni yzar­lap, he­re­ket ar­ka­ly ba­şy­ny Gün ta­ra­pa öw­rüp dur­ýan­dy­gy­dyr. Şeý­le ýag­daý gü­nüň do­wa­myn­da Gü­nüň ýer­leş­ýän ýe­ri­ne gö­rä bir­nä­çe ge­zek üýt­ge­ýär. Bu ha­dy­sa yl­my dil­de «ge­li­ot­ro­pizm» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.
Gü­ne­ba­ka­r il­ki De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na XVI asy­ryň ba­şlaryn­da is­pan­lar ta­ra­pyn­dan ge­ti­ril­ýär. Şon­dan soň­ra bu ösüm­li­giň çi­gi­din­den ýag al­mak üçin dür­li usul­lar ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Aras­sa hem ýo­kum­ly ýag alyp bol­ýan­dy­gy se­bäp­li bu ösüm­lik hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da köp­çü­lik­le­ýin ekil­ýär. Gü­ne­ba­kar iý­mit­lik ýag­ al­mak­da öň­dä­ki oru­nla­ry eýe­le­ýän ösüm­lik ha­sap­lan­ýar. Il­ki­ be­zeg gül­i hök­mün­de eki­len gü­ne­ba­kar soň­lu­gy bi­len iý­mit­lik mak­sa­dy bi­len ös­dü­ri­lip baş­lan­ýar. Gü­ne­ba­kar çig­idi we on­dan alyn­ýan ýag sag­lyk üçin örän peý­da­ly bolan B we E to­pa­ry­na de­giş­li wi­ta­min­le­ri, sink, mag­niý ýa­ly mi­ne­ral­la­ry, an­ti­ok­si­dant­la­ry özün­de sak­la­ýar.

Tir­kiş Ne­di­row,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.