1-nji iýunda paýtagtymyzda «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu möhüm wakanyň Çagalary goramagyň halkara güni bilen gabat gelmegi ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Aşgabat şäheriniň häkimi, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabarada çykyş edenler häzirki döwürde berkarar Watanymyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin hemme şertleriň döredilýändigini, şol sanda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem döwrebap Medeniýet merkezleriniň, konsert meýdançalarynyň, sungat mekdepleriniň bina edilip, şolarda çagalaryň başlangyç, ýöriteleşdirilen bilim hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga mümkinçilik alýandyklaryny bellediler. Bu bilim we medeniýet ojaklarynda ýaş zehinler ýüze çykarylýar, geljekki artistler, sazandalar, suratkeşler terbiýelenýär.

«Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbüniň tutulmagy hem medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirjek merkezde çagalaryň ylym-bilimini, ukyp-başarnygyny artdyrmagy üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklar hereket eder, sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdança we beýleki desgalar gurlar.

Şeýlelikde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulmagy bagtly çagalygyň, bilimleriň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.