Koreýanyň kosmos gullugy (KASA) Tedžondaky ýurduň Milli barlag gaznasynda geçirilen diňlenişikde kosmos barlaglarynyň uzak möhletli meýilnamasyny hödürledi. Bu wezipä Ýeriň aşaky orbitasyndaky barlaglar, mikrograwitasiýa barlaglary, Aý barlaglary, şeýle hem Gün we kosmos barlaglary girýär.
KASA Aýa gonmak we onuň üstünde hereket etmek üçin tehnologiýalaryny, Aý ätiýaçlyklaryny gazyp almak we ulanmak tehnologiýalaryny ösdürmekçi. Bu tagallalar eýýäm başlandy, mysal üçin, häzirki wagtda lunohodlaryň nusgalary synagdan geçirilýär.
Koreýada 2045-nji ýyla çenli Aý bazasyny döretmek maksady bilen 2040-njy ýyla çenli döwrebaplaşdyrylan lunohody döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol ýyl ýurduň taryhynda ilkinji gezek Marsa gonmak meýilleşdirilýär.